Tesla-nyň arassa girdejisi dördünji çärýekde 2 mlrd dollardan geçdi

  • 29.01.2022 11:47
  • 4.1k+

Amerikan elektromobil öndürijisi Tesla dördünji çärýek we tutuş 2021-nji ýyl üçin maliýe hasabatyny hödürledi. 2021-nji ýylda girdeji 71% ýokarlanyp, 53,8 mlrd dollara, arassa girdeji 7,6 esse ýokarlanyp, 5,5 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler analitikleriň garaşýanyndan has gowy boldy. Tesla-nyň çärýek girdejisi 65% ýokarlanyp, 17,7 mlrd dollar, dördünji çärýekde arassa girdeji 8,5 esse ýokarlanyp, 2,3 mlrd dollar boldy. Öň habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylda Tesla awtomobilleriniň üpjünçiligi 87% ýokarlanyp, 936 müňe ýetdi diýip, kommersant.ru belleýär.

Gowy netijelere garamazdan, Tesla-nyň bahalary hasabat neşir edilenden soň 5% peseldi. Ýöne soň olar diňe bir dikelmän, eýsem 2% ýokary bolup ýapyldylar. Maýadarlaryň şeýle garaýşyny analitikler Tesla-nyň 2022-nji ýylda üpjünçilik zynjyrlary bilen bagly meseleleriň netijelere ýaramaz täsir edip biljekdigi baradaky beýany bilen baglanyşdyrýarlar. 

“Biziň hususy zawodlarymyz üpjünçilik zynjyrlarynyň esasy çäklendiriji faktor bolandygy sebäpli, eýýäm birnäçe çärýek bäri öz kuwwatyndan pes işleýärler we bu 2022-nji ýylda hem dowam edip biler” – diýip, Tesla belleýär. Kompaniýanyň baş direktory Ilon Mask ýat çipleriniň ýetmezçilik etmegi sebäpli kompaniýada çäklendirmeleriň saklanýandygyny, şol sebäpli 2022-nji ýylda onuň täze modelleri çykarmajakdygyny hem aýtdy. Munuň deregine Tesla bar bolan modelleriň üpjünçiligini artdyrmaga üns bermek isleýär, kynçylyklara garamazdan, ol şu ýyl olaryň üpjünçiligini 50% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......