Türkmen-rumyn diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna köp sanly çäreler meýilleşdirilýär

  • 28.01.2022 14:55
  • 2.3k+

27-nji ýanwarda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Onda türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, işjeň ýagdaýda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik ulgamdaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 2022-nji ýylyň 21-nji iýulynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda ýokary derejede we daşary işler ministrleriniň derejesinde gutlag hatlary alyşmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada makalalary we interwýulary çap etmek, onlaýn leksiýalary okamak, tegelek stollary we maslahatlary geçirmek ýaly birnäçe çäreleriň guralmagy teklip edilýär.

Şeýle-de söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri, şol sanda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesi dogrusynda hem pikir alşyldy.


düýn 18:57
1.2k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
977

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......