Türkiýe Owganystana 750 tonna ynsanperwer ýük ýüklenen otly iberdi

  • 28.01.2022 13:23
  • 9.3k+

Ankara Owganystana 750 tonnalyk ynsanperwer ýük ýüklenen otly ugrady. Anadolu agentliginiň maglumatlaryna görä, owgan halkyna bu ynsanperwer kömek Tebigy betbagtçylyklaryň we adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirlerini aradan aýyrmak boýunça Türk agentliginiň utgaşdyrmagynda 11 sany ynsanperwer gurama tarapyndan ugradylýar.

Otlyny ugradyş dabarasy Ankaradaky taryhy menzilde geçirildi. Dabara Türkiýäniň içeri işler, ulag we infrastruktura ministrleri gatnaşdylar. 47 wagondan ybarat bolan otly Türkmenistanyň üstünden üstaşyr geçer, ýol 16 güne çeker. Otly Owganystana çenli 4168 km ýol geçer.
Bu otly düzüminde ugradylan ynsanperwer ýüke azyk harytlary, ýyly egin-eşikler, ýapynjalar, arassaçylyk serişdeleri we beýlekiler girýär.

2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan hem goňşy Owganystana ynsanperwer kömeginiň nobatdaky tapgyryny iberdi. 1200 tonnalyk ýüküň düzümine dokma we azyk önümleri, şeýle hem nebit önümleri ýüklenen 20 sany demir ýol wagony bar.


17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......