Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi

  • 27.01.2022 13:00
  • 11k+

26-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary bilen bu ulgamy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde ähmiýet berilmeli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen Lideri dünýädäki emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaýyň durnukly derejede saklanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, häzirki döwürde esasy halkara maliýe edaralarynyň berýän maglumatyna görä, dünýä ykdysadyýetiniň kem-kemden ösüş ýoluna düşýändigini nygtady. Ykdysady ösüşiň ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagy üpjün edilýär. Bu görkeziji geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2 göterimden ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......