Dünýäniň iň baý adamlary rekord mukdarda ýitgi çekdiler

  • 25.01.2022 13:10
  • 18k+

Dünýäniň iň baý adamlary – Tesla kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask we Amazon-yň eýesi Jeff Bezos tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçmagy sebäpli bir hepdäniň dowamynda rekord mukdary ýitirdiler. Bu barada Bloomberg ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär.

Ýagny, Mask geçen ýedi günüň dowamynda 25,1 mlrd dollar ýitirdi, onuň baýlygy bolsa 9%-den gowrak azaldy. Bezos 20 mlrd dollar ýitirdi. Binance-iň baş direktory Çanpen Çžao bolsa 17,7 mlrd dollar ýitirdi, Meta kompaniýasynyň (öňki Facebook) ýolbaşçysy Mark Sukerbergiň baýlygy 10,4 mlrd dollar azaldy.
Geçen hepde bazarlar pandemiýa başlany bäri iň ýokary pese gaçyşy başdan geçirdiler, şol bir wagtyň özünde tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary kompaniýalaryň durnuksyz girdejileri we ABŞ-da göterim derejesiniň ýokarlanma perspektiwalary esasynda esasy kynçylygy öz üstlerine aldylar.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......