2021-nji ýylyň möhüm syýasy wakalaryna bagyşlanan täze kitaplar çapdan çykdy

  • 22.01.2022 14:57
  • 4.7k+

21-nji ýanwarda Aşgabatda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn täzeçillik syýasatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Forumyň dowamynda medeni diplomatiýa — ählumumy parahatçylygyň kepili, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, onuň sebit we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan düýpli goşandy ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Döwlet Baştutanynyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýularynda sebitde hem-de halkara giňişlikde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň nygtalýandygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar neşir edilen täze kitaplaryň häzirki we geljekki nesiller üçin Watanymyzyň şanly taryhyny açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny bellediler.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......