Adama ilkinji gezek doňzuň birbada iki sany böwregi oturdyldy

  • 21.01.2022 17:29
  • 26k+

ABŞ-da taryhda ilkinji gezek adama doňzuň birbada iki sany böwregi oturdyldy. Haýwanyň genomy oturdylmazdan öň korreksiýa edildi, adamyň immun ulgamy tarapyndan bölünmä getirip biljek bölekleri aýryldy. Bu barada American Journal of Transplantation habar berýär.

Nätanyş organlary ret edýän adam immuniteti uzak wagtdan bäri transplantologiýanyň esasy meseleleriniň biridi. Bu meseläni geçen on ýyllygyň başynda çözmek başartdy — genetikler «öz— keseki» tanaýyş ulgamynyň işine jogap berýän geni ýok etmegi öwrendiler.
Ilkibaşda, doňzuň ýüregini babuine oturtmak, ondan soňra bolsa, ölüm keselli adama oturtmak başartdy.
Häzir bolsa doňzuň birbada iki sany böwregini beýnisi ölen 57 ýaşly ýaşuly adama oturtmagyň hötdesinden gelindi.
Näsag koma düşdi, emma ondan öň öz organlaryny we bedenini ylma bagyş edipdi. Alymlar onuň garyndaşlaryndan synag operasiýasyny geçirmäge hem rugsat aldylar.
Operasiýa üstünlikli geçdi. Organlaryň ikisi hem beden bilen alyşdy, eýýäm ýarym sagatdan soň gany toksinlerden arassalap başladylar.
Öň, TmCars.info ABŞ-da adama ilkinji gezek doňzuň ýüregini oturtmak operasiýasynyň üstünlikli geçirilendigini habar beripdi.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....