В США провели операцию по пересадке человеку сердца животного

  • 12.01.2022 23:37
  • 27k+

Merilend Uniwersitetiniň (ABŞ) lukmançylyk merkeziniň hirurglary doňzuň genetiki taýdan modifisirlenen ýüregini adama oturtmak boýunça dünýäde ilkinji tejribe operasiýasyny amala aşyrdylar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, näsag Dewid Bennete ýürek oturdylmadyk bolsady, onuň ýaşamak mümkinçiligi bolmazdy diýip, BBC habar berýär.

Operasiýa ýedi sagat dowam etdi. Üç günden soň, Bennetiň janyna howp salýan zat ýok.

"Mende ölüm bilen şu ýüregi oturtmak saýlawy bardy. Mundan aňyrky ykbalymyň näbellidigine düşünýärin, emma bu meniň üçin soňky mümkinçilik» — diýip, 57 ýaşly Bennet operasiýadan öň aýtdy.

Hünärmenler operasiýa edilmese, näsagyň aradan çykjakdygyny düşündirip, häkimiýetlerden rugsat aldylar. Ýürek oturtmagyň üstünlikli bolandygy barada netije çykarardan heniz ir.
Lukmanlar Dewid Bennete adam ýüregini oturtmagy mümkin däl hasapladylar — adatda, bu hili karar näsag aşa agyr ýagdaýda ýatan bolsa kabul edilýär.
Hirurglar üçin operasiýa köp ýyllyk barlaglaryň netijesi boldy. Belläp geçmeli zatlaryň biri, kardiohirurgiýada adama doňuz ýüreginiň käbir bölekleriniň, hususan-da, klapanlarynyň oturdylmagy giňden ýaýrandyr.
Frans Press agentliginiň maglumat habar bermegine görä, oturdylan ýürek genetiki taýdan modifisirlendi: alymlar oturdylan organyň bölünip aýrylmagyna getirip biljek geni ýok etmeli boldular.
Hünärmenler bu üstünlikleriniň «donorlyk organlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly meseleleri çözmäge ýakynlaşdyryp» tutuş dünýäde köp sanly adamlary halas etmäge ýardam edip bilmegine umyt baglaýarlar.
OrganDonor.gov saýtynyň maglumatlaryna görä, diňe ABŞ-nyň özünde donorlyk organlarynyň oturdylmagyna 100 müň töweregi adam garaşýar, donorlyk organlarynyň ýetmezçiligi zerarly ýurtda her günde 17 näsag aradan çykýar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.4k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......