Türkiýe Türkmenistan bilen yzygiderli howa gatnawlarynyň dikeldilmegine garaşýar

  • 21.01.2022 08:40
  • 28k+

Türkiýe Türkmenistan bilen yzygiderli howa gatnawlarynyň ýakyn wagtlarda açylmagyna garaşýar. Bu barada 19-njy ýanwarda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan metbugat maslahatynda aýdyldy.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky döwletara gatnaşyklarda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen metbugat maslahatyna ýerli we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler çagyryldy. Onda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral çykyş edip, 2021-nji ýylyň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ähmiýetli ýyllaryň biri bolandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, tamamlanan ýylda Türkmenistanyň Türkiýä eksportynyň möçberi 50 göterim ýokarlanyp, 49 million amerikan dollaryna deň boldy. Degişli döwürde Türkiýäniň Türkmenistana eksportynyň möçberi hem 27,2 göterim artyp, iki ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 1 milliard 911 million dollaryna barabar boldy. Elbetde, bu görkezijiniň yzygiderli ýokarlanmagynda pandemiýa şertlerinde ähmiýeti has-da artan Hazarüsti ulag geçelgesine möhüm orun degişlidir.

2021-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň Prezidentleri birek-birege ýokary derejeli saparlary amala aşyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolup, Türki Döwletleriň Guramasynyň (ozalky Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň Stambul sammitine gatnaşdy. 27-28-nji noýabrda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet sapary bilen Aşgabada geldi. Onuň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler geçirilip, möhüm resminamalara gol çekildi.

Çärede çykyş eden türk diplomaty pandemiýa şertlerinde ýükleri daşamak hem-de howa gatnawlaryny ýola goýmak bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekdi. Ol pandemiýa sebäpli dörän kynçylyklara garamazdan, degişli döwürde «Türk howaýollary» awiakompaniýasynyň ýörite uçuşlaryň 26-syny ýerine ýetirendigini aýdyp, ýakyn wagtlarda Türkiýäniň Türkmenistan bilen yzygiderli howa gatnawlarynyň dikeldilmegine garaşýandygyny mälim etdi.


düýn 19:38
4.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......