Berdimuhamedow «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy bilen bagly işlere nägileligini bildirdi

  • 20.01.2022 06:30
  • 27k+

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin paýtagtyň demirgazyk künjeginde bardy. Bu ýerde türkmen Lideri «Aşgabat-siti» toplumynyň desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.

Prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler boýunça şäheriň gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi, şeýle-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr inženerçilik desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. 

Bu ýerde işleri talabalaýyk guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigi üçin Gurulýan desgalar direksiýasynyň işine nägilelik bildirip, döwlet Baştutany işleri degişli derejede ýola goýmagy berk talap etdi.


şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......