Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň wekilleri syýasy geňeşmeleri geçirdiler

  • 17.01.2022 23:23
  • 5.6k+

17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, BMG we düzümleýin edaralarynyň çäginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini beýan edip, iki ýurduň hem sebitde we dünýäde durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howpsuzlygy saklamak üçin täsirli köptaraplaýyn usullary gözlemäge ygrarlydyklaryny aýtdylar.

Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitdäki özara gatnaşyklar barada durup geçip, doganlyk Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda kömek etmek islegindäki birligini nygtadylar.

Ulag-logistika, energetika, himiýa we senagat ulgamlaryndaky hem-de maglumat howpsuzlygy ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......