Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy

  • 17.01.2022 23:09
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýan Özbegistan Respublikasyna iş saparyynyň çäklerinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.


şu gün 16:30
232

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
504

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.5k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......