Renault 2030-njy ýyla çenli Ýewropada benzinli awtoulag önümçiligini bes eder

  • 16.01.2022 17:02
  • 7.1k+

Renault awtoulag öndürijisi eýýäm 2030-njy ýylda Ýewropa bazaryna diňe elektrikli awtoulaglary çykaryp başlar. Bu barada car.ru habar berýär.

Renault gysga döwrüň içinde elektrikli awtoulaglara geçen ilkinji kompaniýalaryň biridir. Ýerine ýetiriji müdiriň wezipesini ýerine ýetirýän Luka de Meo kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli Ýewropa bazary üçin diňe elektrikleşdirilen awtoulaglary öndürjekdigini aýtdy. Munuň özi markanyň Renaulution strategiýasyny ösdürmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Onuň çäginde kompaniýa içerki ýangyç hereketlendirijilerinden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwrer.
Renault içerki ýangyç hereketlendirijili awtoulaglary 2030-njy ýyldan soň hem satar, ýöne diňe käbir bazarlarda. Munuň rumyniýanyň Dacia markasynyň üsti bilen amala aşyrylmagy ähtimal. Sebäbi Dacia markasy elektrikli ulaglaryň önümçiligine beýlekilere garanyňda has giç geçer diýip, çeşme belleýär.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....