Türkiýe daşary ýurtlarda adynyň «Turkiye» diýlip atlandyrylmagyny isleýär

  • 16.01.2022 16:43
  • 18k+

Türkiýäniň Prezidentiniň administrasiýasynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk edarasy daşary ýurt platformalarynda “Hello Turkiye” (“Salam, Türkiýe”) atly kampaniýa başlady, ol ýurduň adynyň hut şu görnüşini beýleki dillerde has netijeli ýöretmegi maksat edinýär. Bu barada TASS habar berdi.

Kampaniýanyň çäginde Türkiýäniň Prezidentiniň administrasiýasynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk edarasy sosial ulgamlarda mahabat wideosyny ýerleşdirdi, onda Türkiýäniň dürli künjeklerinden daşary ýurtly syýahatçylar “Hello Turkiye” jümlesini ýatlamak bilen postlary paýlaşýarlar. Wideo #helloTurkiye heştegi bilen neşir edilýär.

Türkiýäniň Prezidentiniň administrasiýasynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy Fahrettin Altun “Turkiye” brendiniň ofisiniň dörediljekdigini we onuň “ýurduň imijiniň hem-de brendiň gymmatynyň ösmegine ýardam etjekdigini” habar berdi. Ofis hususy pudak we döwlet guramalary bilen hyzmatdaşlyk eder. “Biziň jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň bu meselä ünsli bolmagy we kampaniýany goldamagy hökmandyr. Döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, akademiki bileleşigiň we metbugatyň öz gözleglerinde, hatlarynda we gatnaşýan çärelerinde biziň ýurdumyzy agzap geçenlerinde Turkiye sözüni ulanmagy gerek. Bilelikde işlemek bilen, biz Turkiye brendini tutuş dünýäde berkidip bileris” – diýip, ol belledi.

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan buýruga gol çekdi, oňa laýyklykda “Made in Turkey” brendiniň deregine eksport önümleri diňe “Made in Turkiye” brendi bilen iberiler, şeýle-de respublikanyň ähli resmi resminamalarynda Turkey, Turkei, Turquie sözleriniň deregine ýazylyşyň diňe bir görnüşi – Turkiye ulanylar.


13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

03.05.2026 15:54
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......