Aşgabada sapar bilen gelen Owganystanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 15.01.2022 23:59
  • 19k+

14-nji ýanwarda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň arasynda dar we giňişleýin düzümde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýan bilelikdäki iri infrastruktura taslamalaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ministrler Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygy boýunça bilelikde ýerine ýetirilen işlere seredip geçdiler.

Owgan wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleri habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......