«John Deere» kompaniýasynyň tehnikalaryny getirmek boýunça täze teklipler hödürlenildi

  • 15.01.2022 13:11
  • 9.2k+

Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bu kompaniýanyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek baradaky teklipler barada habar berdi.

Şunlukda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

 Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär. Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri makullap, “John Deere” kompaniýasynyň tehnikalarynyň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezendigini nygtady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......