Berdimuhamedow Balkana saparynyň çäklerinde Uzynada meýdançasyna baryp gördi

  • 13.01.2022 22:39
  • 9.4k+

13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen Lideri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden dikuçarda Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän Uzynada meýdançasyna baryp, bu ýerde ýangyç-energetika toplumynda ulanylýan kuwwatly tehnikalary, olaryň görnüşlerini synlady.

Bu ýerde türkmen Liderine Hazar deňziniň kenarýakasynda ýerleşýän nebitgaz känleri, olaryň önümçilik mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar görkezildi. Degişli ýolbaşçylar bu ýerdäki ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.
Türkmen Lideri nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, onuň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany ýakyn geljekde sebitiň nebitgaz känlerini toplumlaýyn özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokarlandyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. 


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......