«Türkmenhowaýollary» Aşgabat—Stambul—Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçuş gurar

  • 13.01.2022 21:16
  • 29k+

«Türkmenhowaýollary» 14-nji ýanwarda Aşgabat — Stambul — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyrar. Bu barada Stambulyň Halkara howa menziliniň resmi saýtynda habar berilýär.

Howa menziliniň uçuş tertibinde anna gününe Т5 3901 belgili Aşgabat — Stambul uçuşy bellenildi. Uçuşlaryň tertibine laýyklykda, şol gün «Türkmenhowaýollary» Stambul — Türkmenabat ugry boýunça uçuşy ýerine ýetirer.
Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy zerarly çäklendirmeler bilen baglylykda yzygiderli halkara howa gatnawlary dikeldilýänçä döwletleriň arasynda howa gatnawlary ýörite uçuşlar arkaly amala aşyrylýar.
«Türkmenhowaýollary» bilen birlikde, Türkmenistana ýörite uçuşlary Turkish Airlines we S7 rus awiakompaniýalary hem amala aşyrýar.
Ýakynda Turkish Airlines 2022-nji ýylda Türkmenistana eýýäm üçünji ýörite uçuşyny amala aşyrar. 14-nji ýanwarda bolsa, S7 awiakompaniýasy täze ýylda Türkmenistana ilkinji ýörite gatnawyny amala aşyrar.


24.06.2026 10:10
4.9k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......