Owganystan ýakynda TOPH boýunça 7 sany resminama gol çeker

  • 12.01.2022 20:54
  • 8.5k+

TOLOnews owgan telekompaniýasynyň ýurduň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp habar bermegine görä, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça hyzmatdaş taraplar bilen ýakyn wagtda ýedi sany ylalaşyga gol çekiler.

Telekompaniýa şeýle hem Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň strategik barlaglar boýunça direktory Waliul Şahiniň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan TOPH taslamasy boýunça Owganystanyň paýyny karzyna töläp berer.

«Bu mesele babatda aýdylanda, biz çykdajylary töläp bilmegimiz üçin Türkmenistan Owganystana karz berer, Owganystan bolsa, geljekde taslamadan aljak girdejilerinden bergisini yzyna gaýtarar diýip gürleşdik» - diýip ORIENT Şahiniň sözlerini getirýär.

TOLOnews-yň bellemegine görä, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 16 sany resminama bolup, şolardan 9-syna Owganystanyň öňki Hökümeti ýykylýança gol çekildi, galan 7-sine bolsa ýakyn wagtda gol çekiler.
Şol bir wagtda Owganystanyň Maliýe ministrliginde bellemeklerine görä, täze maliýe ýylynda TOPH taslamasyna býujet bölünip berler. «TOPH taslamasy we beýleki ösüş taslamalary üçin 1401-nji ýylda (hijri senenamasy boýunça — red. bel.) býujete garalar» — diýip, ministrligiň wekili Ahmad Wali Hakmal belledi.
Şol bir wagtda käbir ykdysatçylaryň pikirine görä, Owganystan çäklendirmeler we daşary ýurt maliýe goldawynyň çäklendirilmegi zerarly häzir TOPH taslamasyna gatnaşyp bilmez.
TOPH taslamasynyň bahasy 9-10 milliard amerikan dollaryna barabar. Bu iri sebit taslamasyny gurmak we dolandyrmak jogapkärçiligi TAPI Pipeline Company Limited ady bilen belli bolan gurama degişlidir.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......