Türkmenistan tebigy gazyny Gazagystana eksport etmäge taýýar

  • 12.01.2022 08:36
  • 7.5k+

Şu ýylyň martyndan başlap, Türkmenistan Gazagystan Respublikasyna türkmen tebigy gazyny ibermäge taýýar. Bu barada onlaýn usulda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary duşuşygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Baş diplomaty ýurdumyzyň bu döwletdäki ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagyna, Gazagystanyň durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtap, şu ýylyň mart aýyndan başlap, Türkmenistanyň Gazagystana türkmen tebigy gazyny iberip başlamaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň geljekde doganlyk Gazagystany zerur mukdarda elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýardygy barada aýdyldy.

Ýeri gelende bellesek, Gazagystana türkmen gazyny ibermek bilen bagly mesele ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň geçen ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň dowamynda türkmen Lideri bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşykda gozgaldy. Şonda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen gazyny özara kabul ederlikli nyrhlar boýunça Gazagystanyň bazaryna ibermegiň mümkinçiligine garamak barada ýüzlenendigini habar berip, türkmen Lideriniň bu meseläniň çözülmegine maksatlaýyn, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi baradaky pikirini doly goldaýandygyny nygtapdy. 


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...