S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýakynda Özbegistana iş saparyny amala aşyrar

  • 10.01.2022 18:50
  • 12k+

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti ykdysady ulgamda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmek hakynda duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýakyn wagtda Özbegistanyň Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özbek kärdeşi A.Kamilow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde bellenilip geçildi.
Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburgda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gazanan ylalaşyklarynyň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.


düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......