Çowdary çöregi – iň peýdaly çörek

  • 10.01.2022 17:04
  • 10k+

Çowdary çöregi iň peýdaly çörek bolup, onda aýratyn möhüm iýmit süýümi saklanýar. Bu barada Finlýandiýanyň Saglygy goraýyş we sosial ösüş institutynyň gözlegçisi Niina Kaartinen aýtdy diýip, “Helsingin Sanomat” ýazýar. Muny lenta.ru ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu önüm günde bir gezek iýilse, aýallar ortaça kletçatkanyň 20%-ini, erkekler 30%-ini alýarlar. Çowdary çöreginde B witaminleri, tiamin we folium kislotasy bar.
Çörekde demir, magniý, sink, mis we ýod ýaly mineral maddalar hem bar. Gündogar Finlýandiýanyň uniwersitetiniň professory Marýukka Kolehmaýnen çowdary çöreginiň esasy peýdaly häsiýetleriniň kletçatka baglydygy bilen ylalaşýar. Bulardan başga-da, önüm içegede serotoniniň işlenip çykyşyny azaldýar diýip, ol aýtdy. Çowdary çöreginiň rasiona goşulmagy ýag we uglewod çalşygyna hem oňyn täsir eder, şeýle-de ikinji görnüşli süýji keseliniň güýçlenmegini togtadar.
Çowdary çöregi içegäniň saglygy üçin hem peýdalydyr, sebäbi bu organyň rak keseliniň güýçlenmek töwekgelçiligini azaldýar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......