Owganystan TOPH-yň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda başlajakdygyny mälim etdi

  • 09.01.2022 22:08
  • 8.7k+

Owganystan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda başlar. Bu barada Owganystanyň magdanlar we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar 8-nji ýanwarda Owganystana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen geçirilen gepleşiklerden soň, žurnalistlere beren interwýusynda habar berdi. Bu maglumaty pajhwok.com owgan saýty ýaýratdy.

Şahabuddin Delawaryň sözlerine görä, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin iki ýurduň hem degişli çäreleri görmegi zerurdyr. Bu iri taslamany durmuşa geçirmek işlerine şu ýylyň ikinji ýarymynda girişiler. Onuň durmuşa geçirilmeginiň diňe bir Owganystan we Türkmenistan üçin däl, eýsem, Pakistan hem-de Hindistan üçin-de möhümdigine ünsi çeken Owganystanyň magdanlar we nebit önümleri ministri: «Owganystanda onlarça ýyl bäri köp meseleler ýüze çykdy. Käbir taslamalary durmuşa geçirmek mümkin däldi, ýöne häzirki wagtda ýurtda howpsuzlyk meselesi gowulaşdy, şonuň netijesinde ykdysady taýdan uly bähbidi bolan bu taslama durmuşa geçirilýär» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň döwlet ýolbaşçylary 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň düýbüni tutdular. Umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre, geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçiriji Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky «Galkynyş» gaz käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip, Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter. Garaşylyşy ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, Türkmenistanyň, Owganystanyň, Hindistanyň we Pakistanyň 1,5 milliarddan gowrak halky uzak möhletleýin energiýa howpsuzlygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biler.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....