Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Eýranda saparda bolar

  • 09.01.2022 22:40
  • 7.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolar. Bu baradaky meselä türkmen Lideriniň tabşyrygy boýunça Eýranda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji ýanwarda Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan bilen geçiren duşuşygynda üns çekildi.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň mfa.gov.ir saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk we ýükleri daşamak ulgamyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Eýran Yslam Respublikasynda saparda boljakdygyna üns çekilip, onuň çäklerinde gol çekilmeli ikitaraplaýyn resminamalar barada pikir alşyldy.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow we Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan sebit meseleleri, şol sanda Owganystandaky çylşyrymly ýagdaýlar barada durup geçip, bu ýurtda asuda we parahat durmuşyň tiz wagtda ýola goýuljakdygyna ynam bildirdiler.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......