Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipler hödürlenildi

  • 08.01.2022 18:15
  • 4.6k+

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen birnäçe anyk ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek teklip edilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň 7-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisindäki hasabatynda aýdyldy. 

Hususan-da, kiberhowpsuzlygy berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmeginiň esasy ugry bolup durýar. Birleşigiň bu babatda toplan tejribesine esaslanyp, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HEB-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagara duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň akademiýasy tarapyndan amala aşyrylýan “Sanly özgeriş merkezleri” taslamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli hünärmenleri, tehniki işgärleri we talyplary üçin aýratyn okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Wise-premýer, daşary işler ministri Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin 2022-nji ýylyň iş meýilnamasynyň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmen Lideri Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri makullap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......