Berdimuhamedow ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky täze wekilini kabul etdi

  • 07.01.2022 13:08
  • 4.1k+

6-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol türkmen Liderine ynanç hatyny gowşurdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň täze ýolbaşçysyny jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Bu babatda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyndan ugur alynýar. Bu meýilnama ýurdumyzyň hem-de durnukly ösüşiň ählumumy bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi nygtaldy. 

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz lukmançylyk diplomatiýasy babatda gatnaşyklary ösdürmek işinde, adamlaryň saglygyny goramak ulgamynda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmek boýunça ylmy maglumatlary alyşmakda uly tejribe toplady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky çözgüdi nygtaldy. Bu çözgüt Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda beýan edildi.

Döwlet Baştutany ÝUNISEF tarapyndan eneligi we çagalygy goramak ulgamynda berilýän goldaw hem-de giň gerimli milli taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda BSGG bilen bilelikde azyk önümlerini baýlaşdyrmak we ilaty ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün etmek hem-de çagalaryň sanjymyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde taslamalary durmuşa geçirmekde berýän kömegi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......