Türkmenistan Özbegistana benzin eksport etmekde ikinji orny eýeleýär

  • 06.01.2022 22:36
  • 7.8k+

Türkmenistan goňşy Özbegistana awtomobil benzinini ibermekde ikinji orunda durýar. Muňa Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary üçin maglumatlary şaýatlyk edýär.

Hasabat döwründe Özbegistana 141,2 mln litr türkmen benzini iberildi. Birinji orunda ýerleşen Russiýa 145,3 mln litr benzin eksport etdi. Üçünji orunda 16 mln litr bilen Gazagystan ýerleşdi. Ilkinji bäşlige şeýle hem Yrak (3,6 mln) we Eýran (1,8 mln) girdi.
Belläp geçsek, Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 11 aýy üçin benzin öndürmek boýunça meýilnama 105,3% ýerine ýetirildi.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....