2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metr gaz iberildi

  • 06.01.2022 08:38
  • 6.1k+

5-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow diwersifikasiýa ýoly bilen uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky wekilleriniň hem uly goşandynyň bardygyny nygtady. Maslahatda korporasiýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun hasabat bilen çykyş etdi.

Myhmanyň çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigi, häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilýändigi, jemi 137 sany guýudan tebigy gazyň alynýandygy, 2021-nji ýylda bolsa Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gazyň iberilendigi bellenildi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» gaz gysyjy bekediniň ulanylmaga tabşyrylmagy gyşky ýyladyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün etdi. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi.

Myhmanyň çykyşynda 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl, 17-nji iýulda bolsa «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ol CNPC korporasiýasynyň ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi mundan beýläk hem dowam etjekdigine, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini ynandyrdy. 


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....