Berdimuhamedow "Malaý" gaz känini döwrebaplaşdyrmak boýunça maslahat geçirdi

  • 05.01.2022 10:11
  • 5k+

4-nji ýanwarda Mary welaýatyna iş saparyny tamamlap, Lebap welaýatyna ugran türkmen Lideri “Malaý” gaz käninde ýurdumyzda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Onda, ilki bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory bu ýerde görkezilýän taslamalaryň we çyzgylaryň üsti bilen tebigy gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, täze guýulary gözlemek we ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri we olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geofiziki we geologik-gözleg işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de olaryň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, korporasiýanyň işini kämilleşdirmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan känleri senagat taýdan özleşdirmek işleriniň batly depginlerde dowam edýändigini aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......