2022-nji ýylda Türkmenistan bilen BSGG-niň bilelikde geçirjek çäreleri mälim edildi

  • 05.01.2022 10:05
  • 4.8k+

Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary boýunça 2022-nji ýylda yzygiderli esasda geçiriljek çäreleriň sanawyny taýýarlady.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu resminamada ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olar:

  • pandemiýa keseline taýýarlygyň meýilnamasyny we Ýiti respirator ýokanç keselleriň epidemiologik gözegçiligi boýunça gollanmany döretmek,
  • hünärmenleri taýýarlamak, 
  • kliniki bejeriş teswirnamalaryny işläp düzmek, 
  • okuw sapaklaryny we maslahatlaryny geçirmek.

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça çärelere aýratyn üns berildi, hususan-da, ýokanç keselleriň öňüni almak we olary gözegçilikde saklamak, howplar barada ilaty habarly etmek, şeýle hem COVID-19-a garşy waksina sanjymlaryny etmek boýunça Milli meýilnamany işläp düzmek we işe  girizmek meýilleşdirilendir. Şeýle-de Ýokanç däl keseller boýunça milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, temmäki önümlerine garşy göreşmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ilkinji lukmançylyk kömegini bermekde özgerişlikler boýunça Ýol kartasyny taýýarlamak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da bu sanawa saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýanyň ösdürilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goramak boýunça maglumat tory (CARINFONET) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga, şeýle hem BSGG tarapyndan döredilen Keselleriň halkara statistiki klassifikasiýasyny (МКБ-11) girizmeklige we oňa geçmeklige, klassifikasiýa boýunça hünärmenleri taýýarlamaklyga, COVID-19-yň sertifikatlarynyň kodlaşdyrylmagyna we ilatyň saglygyny  gözegçilikde saklamaga gönükdirilen ädimler girizilendir. Bu ugurda resminama Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem sanlylaşdyrmak boýunça birnäçe ugurlar goşuldy.


08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....