Kompýuter oýunlaryna baglylyk resmi taýdan kesel diýlip yglan edildi

  • 03.01.2022 14:00
  • 6.9k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy kompýuter oýunlaryna baglylygy resmi taýdan kesel diýip yglan etdi. Bu barada saglyk bilen bagly keseller we meseleler boýunça Halkara statistika klassifikasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Resminama laýyklykda, kompýuter we wideo oýunlara aşa bagly bolmak ýagdaýy psihiki taýdan näsazlygyň täze görnüşi hasaplanýar. Keseliň bu görnüşini anyklamak üçin adamyň maşgala durmuşynda, sosial, bilim, hünär we durmuşyň beýleki ugurlarynda oýunlar sebäpli ýüze çykýan näsazlyklaryň alamatlaryna bir ýylyň dowamynda syn edildi.
BSGG-niň psihiki taýdan işjeň serişdeler we bagly bolmak endigi ulgamy boýunça bilermeni Wladimir Poznýak bu kesel bilen bagly alamatlary diňe ýörite okadylan hünär bilimli lukmanyň goýup biljekdigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, şeýle ýagdaý bu kesel bilen kesellän adamyň dogan-garyndaşlarynyň ýa-da dostlarynyň şahsy pikiri esasynda hasaba alynmaly däldir. 


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....