2021-nji ýylyň soňky gününde Türkmenistanda nähili howa bolar?

  • 31.12.2021 08:40
  • 6.2k+

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 31-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +6... +11°, kenarýaka etraplarynda +2... +7° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 757 mm, çyglylygy 55 — 75 %.
Awazada: howa +4... +6°, basyşy 765 mm, çyglylygy 60 — 80 %.
Balkanabat şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 764 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70 %.
Tejen şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 748 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 744 mm, çyglylygy 55 — 75 %.
Baýramaly şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 743 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 747 mm, çyglylygy 50 — 70 %.
Kerki şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 743 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -6... -11°, gündizine 0... -5° sowuk bolar.
Daşoguz şäherinde: howa 0... -2°, basyşy 758 mm, çyglylygy 65 — 85 %.
Köneürgenç şäherinde: howa -1... -3°, basyşy 759 mm, çyglylygy 60 — 80 %.


düýn 09:43
7.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....