Berdimuhamedow Baş arça baryp, çagalaryň şatlygyna goşuldy

  • 30.12.2021 08:01
  • 13k+

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň şatlyklaryna goşuldy.

Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çagalar we paýtagtymyzyň mekdeplerinden göreldeli okuwçylar çagyryldy. Baş arçanyň ýanyna ýygnanan çagalar Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbabany hem-de Garpamygy uly şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem bu ýere köp sanly myhmanlar, Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we beýlekiler ýygnandylar.

Baýramçylyk dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ýerde ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetini we çagalaryň ruhubelentligini artdyrdy hem-de ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bu ýerde Täze ýyl mynasybetli joşgunly aýdym-sazlar ýaňlanýar. Türkmen Lideri çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryna syn etdi we çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy. Soňra bu ýerde guralýan dabara gatnaşýan çagalara türkmen Lideriniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Şol gün Söwda-senagat edarasynda hem baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýokary derejede enjamlaşdyrylan zalda belent başly arça oturdyldy. Onuň töwereginde baýramçylygyň baş gahrymanlary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşajyk raýatlary we myhmanlary ýygnandylar. Folklor hem-de tans toparlary, baýramçylyk lybasyny geýnen teatr we sirk artistleri çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......