Alymlar «çöken» batareýalary dikeltmegiň ugruny tapdylar

  • 29.12.2021 18:57
  • 22k+

Alymlar batareýalarda litiniň işjeň däl ýagdaýda toplanýandygyna üns berdiler hem-de köne batareýalary nädip "janlandyrmalydygyna" we nädip öndürijiligini ýokarlandyrmalydygyna düşündiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Batareýalar dowamly ulanylanda, hereketsiz litiniň "lagtalary" emele gelýär - muňa gözlegçiler aýratyn üns berdiler. Gözlegleriň netijesinde, olar bu "ölen" litini gaýtadan işletmegiň mümkindigine göz ýetirdiler.

Alymlar naprýaženiýäniň täsir etmegi netijesinde, litidäki şeýle "lagtalaryň" gaýtadan işläp biljekdigine ynanýarlar. Muny barlamak üçin enjama zarýad berilýän mahaly litiý ionlaryny real wagtda synlamaga mümkinçilik berýän ýörite synag batareýasy döredildi.

Geçirilen synag, netijede, synag batareýasynyň ömrüni 30 göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Alymlar bu tehnologiýanyň ulanylyşa çalt ornaşjakdygyna, iň bärkisi, batareýanyň ömrüniň dowamlylygy has möhüm bolan elektrik ulaglary pudagynda uly islegden peýdalanjakdygyna ynanýarlar.


şu gün 10:51
517

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......