Berdimuhamedow Türkmenistanda pandemiýa garşy göreşde rus sanjymlarynyň orny barada belledi

  • 29.12.2021 19:15
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda koronawirus pandemiýasyna garşy üstünlikli göreşmekde aýgytlaýjy ädimleriň biriniň hem rus önümçiligindäki sanjymlardygyny belledi.

"Biz Russiýa Federasiýasyna örän minnetdardyrys. Türkmenistanda bu günki güne çenli bu pandemiýa hasaba alynmady. Munda Russiýa Federasiýasynyň ýardamy uludyr. Biz ilkinjileriň biri bolup «Sputnik V» we «Epiwakkorona» sanjymlaryny hasaba aldyk. Bu günki gün ilatymyz «Sputnik V» we «Epiwakkorona» bilen sanjym aldy. Ýakyn günlerde bolsa «Sputnik Laýt» sanjymynyň hem tapgyryny aldyk, ol buster sanjymy hökmünde ulanylýar» — diýip, TASS türkmen Lideriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Sankt-Peterburgda geçirilen resmi däl sammitinde eden çykyşyndan getirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bakteriologiýany we wirusologiýany öwrenmekde, koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça netijeli usulyýetleri we gollanmalary düzmekde ylmy ugurdan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada beýan etdi.

Türkmenistan öňki sowet döwletleriniň giňişliginde koronawirus ýokanjynyň resmi taýdan hasaba alynmadyk ýeke-täk döwletidir. Pandemiýa başlany bäri, ýurtda girişe we halkara uçuşlaryna berk çäklendirmeler girizildi, şeýle hem agyz-burun örtükleri dakylyp başlandy.

Iýul aýynyň başynda Türkmenistanda 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-e garşy sanjym etmek kampaniýasy başlandy. Munda «Sputnik V» we «Epiwakkorona» rus sanjymlary, şeýle hem «CoronaVac» hytaý sanjymy ulanyldy.

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda koronawirus ýokanjynyň birjik-de hasaba alynmandygyny nygtap, seresaplylygy elden bermezligi hem-de köp sanly ýurtlarda COVID-19-yň täze ştammlarynyň ýüze çykmagynyň çäginde öňüni alyş çärelerini güýçlendirmegi tabşyrdy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.6k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....