Türkmenistan koronawirusyň «omikron» ştammynyň ýaýramagyna garşy göreşi güýçlendirýär

  • 22.12.2021 11:49
  • 21k+

Türkmenistan koronawirusyň täze “omikron” görnüşiniň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär. Bu baradaky mesele 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda türkmen Lideri: «Ýiti öýken sowuklamasy ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär. Şeýle uly işleriň geçirilmegi netijesinde, biz häzirki döwürde Türkmenistanda koronawirus hadysalarynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris» diýip belledi.

Döwlet Baştutany bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtap, sebäbi häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar diýip nygtady.

Şunlukda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde Türkmenistanyň yklymyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň ykrar edilendigini, ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberleriniň, ýolagçylaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşine garşy durmak, serhetden geçýän adamlaryň we harytlaryň üsti bilen bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Türkmen Lideri Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowa ýurdumyzyň bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlary bilen üpjünçilik ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


21.10.2025 11:07
7.7k+

Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär

20–24 oktýabr aralygynda Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik etmek boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi...

11.10.2025 18:25
12k+

Aşgabatda, Tejende we Daşoguzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi...

11.10.2025 18:16
10k+

Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

10-njy oktýabrda Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Dabara Mejlisiň deputatlary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar...

11.10.2025 18:13
5.3k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň...