Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy

  • 26.05.2025 23:21
  • 3.3k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 78-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Assambleýanyň umumy mejlisinde ählumumy raýdaşlygyň zerurdygyny nygtaýan pandemiýa taýýarlygy we jogap çäreleri boýunça möhüm Jarnama kabul edildi.
Ministr M.Mämmedow öz çykyşynda başlangyç lukmançylyk-sanitariýa kömegini ösdürmek, saglygy goraýyş işgärleriniň işini kämilleşdirmek, sanlylaşdyrmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ýaly esasy ugurlara ünsi çekip, saglygy goraýyşda durnukly ösüşi gazanmakda Türkmenistanyň goşandyny belledi.
Saparyň çäklerinde M.Mämmedow BSGG-niň Baş müdiri doktor Tedros Adhan Gebreýsus bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn dinamikasyny hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak we lukmançylyk bilimini ösdürmek ýaly jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
M.Mämmedow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş müdirine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çakylygyny gowşurdy.
Doktor Tedros Adhan Gebreýsus, BMG-nyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edýän kararynyň kabul edilmegi bilen gutlady hem-de geljekde hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardygyny aýtdy.
Mundan başga-da, M.Mämmedowyň BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Bitaraplygyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreler barada pikir alşyldy. Taraplar sebitdäki milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny tassykladylar.


düýn 07:29
2.7k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.1k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......