Türkmenistan koronawirusyň «omikron» ştammynyň ýaýramagyna garşy göreşi güýçlendirýär

  • 22.12.2021 11:49
  • 21k+

Türkmenistan koronawirusyň täze “omikron” görnüşiniň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär. Bu baradaky mesele 21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda türkmen Lideri: «Ýiti öýken sowuklamasy ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmagyna we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi hem-de bu keseliň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Zerur waksinalar satyn alnyp, häzirki döwürde hem ilata sanjym geçirilýär. Şeýle uly işleriň geçirilmegi netijesinde, biz häzirki döwürde Türkmenistanda koronawirus hadysalarynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris» diýip belledi.

Döwlet Baştutany bu meselede arkaýynlaşmaly däldigini aýratyn nygtap, sebäbi häzirki döwürde köp ýurtlarda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleri, hususan-da, “omikron” görnüşi ýaýrap başlady. Bu ýokançlaryň ýurtdan-ýurda ýaýramagynyň ýollary bellidir, olar adamlaryň we harytlaryň döwlet serhetlerinden geçmegi arkaly ýaýraýar diýip nygtady.

Şunlukda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde Türkmenistanyň yklymyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň ykrar edilendigini, ýurdumyzyň çäginden geçýän ýükleriň möçberleriniň, ýolagçylaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşine garşy durmak, serhetden geçýän adamlaryň we harytlaryň üsti bilen bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Türkmen Lideri Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowa ýurdumyzyň bazarlarynyň we söwda nokatlarynyň halkyň gündelik sarp edýän azyk harytlary bilen üpjünçilik ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


09.04.2026 20:12
8.4k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

08.04.2026 07:19
8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.2k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....

21.03.2026 08:05
5.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...