Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2021-nji ýyldaky jemleýji bilelikdäki mejlisi geçirildi

  • 28.12.2021 16:40
  • 11k+

27-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisde habar berlişi ýaly, 2022-nji ýylyň şygary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.

Bilelikdäki Hökümet mejlisiniň dowamynda türkmen Lideri tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işlere hemmetaraplaýyn syn berdi we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýokary ösüş depginleriniň saklanýandygyny belledi. Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 35, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisi, döwlet derejeli maslahatlaryň hem 59-sy geçirildi. Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş soraglaryna seredildi. Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, şol soraglar boýunça degişli çözgütler kabul edildi, ençeme resminamalara gol çekildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýurdumyzyň degişli ýolbaşçy düzümleriniň adyndan türkmen Liderini ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......