2022-nji ýyl Türkmenistanda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi

  • 28.12.2021 00:14
  • 8.5k+

27-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň 2021-nji ýyldaky bilelikdäki soňky mejlisinde 2022-nji ýylyň şygary yglan edildi we tassyklandy.

2022-nji ýylyň şygary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda her ýyl bir şygaryň yglan edilýändigini belläp, şol şygaryň öňde goýýan maksatnamalarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýändigini mälim etdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň beren maglumatyna laýyklykda, deputatlaryň halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagynyň netijesinde, olaryň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny teklip edendiklerini belledi.
Belläp geçsek, 2021-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......