Türkmenistan «Sputnik Laýt» rus sanjymyny hasaba aldy

  • 23.12.2021 19:21
  • 8.6k+

23-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik Laýt» sanjymyny hasaba aldy we degişli şahadatnamany berdi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Sputnik Laýt» dünýäniň 15-den gowrak ýurdunda hasaba alyndy we ýene-de 30-a golaý döwletde bu serişdäni bellige alyş amallary dowam edýär. Şeýle-de bu sanjymyň 10-dan gowrak ýurtda önümçiliginiň hem meýilleşdirilýändigi habar berilýär.
Hususan-da, ýakyn wagtda «Sputnik Laýt» sanjymy Hindistanda, Hytaýda, Günorta Koreýada, Wýetnamda, Meksikada, Argentinada, Serbiýada we Türkiýede öndürilip başlanar.


11.01.2026 12:28
2.5k+

Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär...

22.12.2025 00:06
2.9k+

Türkmenistanda pudagara maslahatda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy dekabrda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldawy bilen, Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň 4-nji mejlisi geçirildi...

16.12.2025 19:27
5.4k+

Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy...

05.12.2025 17:46
4.7k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...