Yslamabatda owgan meselesi boýunça wekilçilikli maslahat geçirildi

  • 20.12.2021 18:35
  • 3.9k+

19-njy dekabrda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň adatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwerlik goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň ençemesiniň, ýagny mekdebiň, lukmançylyk edarasynyň, metjidiň gurlup ulanmaga berlendigi nygtaldy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça YHG-nyň  agza ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....