Türkiýeden Türkmenistana zähmet migrasiýasy birnäçe esse ýokarlandy

  • 20.12.2021 17:56
  • 16k+

2021-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Türkiýäniň raýatlarynyň işe ýerleşmek maksady bilen Türkmenistana amala aşyrýan saparlarynyň sany köpeldi. Bu barada Türkiýäniň Iş bilen üpjün ediş gullugynyň Baş edarasyna (İŞKUR) salgylanyp, Trend habar berýär. 

Görkezilen döwürde İŞKUR liniýasynyň üsti bilen Türkmenistana gelen türk raýatlarynyň sany geçen ýylyň ýanwar – noýabr aýlary bilen deňeşdirilende 20,5 esse artyp, 182-ä ýetdi. Umuman, hasabat döwründe İŞKUR liniýasy arkaly daşary ýurda Türkiýäniň 13 171 raýaty gitdi, bu 2020-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlaryna garanyňda, 29,9 göterim köpdür.
Noýabr aýynda İŞKUR liniýasy arkaly 121 193 türk raýaty iş bilen üpjün edildi. Iş gözleýänleriň 98,9 göterimi hususy pudakda iş tapdy.
2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýede işsizleriň sany 3,182 milliona barabar boldy, olardan 49,4 göterimi – aýallar, 50,6 göterimi – erkekler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......