Türkmen wekiliýetiniň agzalary Nýu-Delide we Yslamabatda gulluk iş saparynda bolarlar

  • 18.12.2021 19:54
  • 3.1k+

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Merkezi Aziýa — Hindistan dialogynyň” daşary işler ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary boýunça adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda, degişlilikde, Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

Bu çärelere görülýän taýýarlyklar barada Hökümetiň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi. Bellenilişi ýaly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça adatdan daşary mejlisi Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçiriler. Şeýle hem Yslamabatda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeleri guramak teklip edilýär.

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berler. Nýu-Delide türkmen-hindi syýasy geňeşmelerini geçirmek hem teklip edilýär.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....