Geljek ýylda Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe duşuşygy geçiriler

  • 11.12.2021 23:21
  • 6.6k+

«Geljek ýyl Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek üçin hem ähli zerur şertleri üpjün etmeli» diýip diplomatlar bilen geçirilen duşuşykda türkmen Lideri aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana ýaňy-ýakynda bolan döwlet saparynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren duşuşygymyzyň dowamynda biz özara hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça ylalaşyk gazandyk. Gatnaşyklarymyzy, şol sanda Hazar we Gara deňizleriniň zolaklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklarymyzy toplumlaýyn berkitmegi umumy maksat edinýändigimizi we oňa taýýardygymyzy tassykladyk. Bu ugurda Türkmenistana, Azerbaýjana we Türkiýä esasy orun degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtlardaky ilçilerimize üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek bilen bagly meseleleri içgin öwrenmek tabşyryldy.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......