R.Meredow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň täze wekili bilen duşuşdy

  • 05.12.2021 12:02
  • 3.1k+

4-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler. Esasy meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň BSG agzalygyna girmegi, şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny we onuň öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary, adam hukuklary, ykdysady diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegi, energetika, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Türkmenistanyň daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......