12-nji dekabrdaky halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

  • 04.12.2021 09:48
  • 9.1k+

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmek meselesine aýratyn ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bagyşlanan halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmen Lideri dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, eýýäm häzirden halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, saparlaryň hem-de geljek ýylda ýurdumyza daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlarynyň meýilnamalaryny taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny nygtady. Şu ýylyň ahyrynda degişli resminamalara garalar.


şu gün 13:15
922

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

şu gün 13:14
485

Türkmenistanyň DIM-inde Malaýziýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 17:00
3.6k+

Türkmenistan YHG-yň mejlisinde bitaraplygyň orny baradaky kararnamanyň taslamasyny hödürledi

31-nji ýanwar — 2-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ýokary derejeli wekilleriň maslahatynyň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çäre 2026-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Bagdatda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-yň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegiň üçünji we iň möhüm tapgyry boldy...

düýn 16:39
3k+

Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi...