Berdimuhamedow ýurtdaky gurluşyk işleriniň depginine nägilelik bildirdi

  • 04.12.2021 09:41
  • 15k+

Hökümetiň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň şu ýylyň geçen on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň depginleri babatda nägilelik bildirdi we geljek ýyl gurluşyklaryň sanyny has-da köpeltmegiň göz öňünde tutulýandygyny, şunuň bilen baglylykda, gurluşyk toplumynda gyssagly özgertmeleri geçirmegiň, gurluşyk serişdeleriniň senagat önümçiligini artdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmen Lideri täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça-da köp işleri alyp barmagyň, telekeçiler bilen işleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar hem-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen gurluşyk we tehnologik kompaniýalardyr şereketleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....