YHG-nyň Aşgabat sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi

  • 30.11.2021 09:08
  • 5.2k+

29-njy noýabrda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, çäräniň başynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Ýazgylyç Orazgylyjowa “Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty” ugry boýunça YHG-nyň ýörite sylagyny gowşurdy.

Brifingi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow giriş çykyşy bilen açdy. Şonuň ýaly-da, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziriniň çykyşy diňlenildi. Mundan başga-da, YHG-a agza döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik Utgaşdyryjysy, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, 15-nji Aşgabat sammitinde gazanylan ylalaşyklar we çözgütler YHG-nyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna güýçli täzeçil we ýokary derejeli itergi bermäge, oňa yzygiderli we takyk ähmiýet bermäge, YHG-nyň giňişliginde, şol sanda sebitara hem-de yklymara mazmunynda tizleşdirilen integrasiýa üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......