Aşa gyzgyndan gara çenli: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

  • 29.11.2021 09:44
  • 26k+

Gidrometeorologlaryň çaklamalaryna görä, Türkmenistanda şu hepdede howanyň temperaturasynyň düýpli üýtgäp durmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda yssy howa bolar, emma penşenbeden başlap, howanyň temperaturasy dessine aşaklap başlar.

Ýurt boýunça ortaça maksimal temperatura +14,5 gradus bolar. Aşgabatda ilkinji garyň ýagmagy mümkin.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň temperaturasy +16 — +17 gradus bolar. Çarşenbede +22 gradus maýlap, penşenbede +25 gradusa ýeter. Anna güni +15 gradusa çenli aşaklap, dynç günleri az-kem ýagyş ýagyp, +8-den +6 gradus bolar.

Mary welaýatynda hepdäniň başy +20-den +19 gradus görkeziji bilen başlar. Çarşenbe güni sebitiň howasy +25 gradusa çenli gyzar, penşenbede bolsa +27 gradusa çenli ýokarlanar. Anna güni howanyň dessine +14 gradusa çenli sowamagyna we az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Şenbe güni 3,2 mm-e çenli ygal düşüp, howanyň temperaturasy +6 gradusa düşer. Ýekşenbe güni az-kem ýagyş ýagyp, howanyň temperaturasy +7 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni termometriň görkezijileri +12 gradus bolar. Sişenbede +15 gradusa ýeter. Penşenbe gününe çenli howanyň maksimal temperaturasy +17 gradusa çenli ýetip, 0.9 mm-e çenli ygal düşer. Bu sebitde anna güni +7 gradus sowuk bolar. Dynç günleri howanyň temperaturasy +3 — +4 gradus bolup, ýekşenbe güni ilkinji gar ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe güni +17 gradus bolar. Çarşenbe gününe çenli howanyň temperaturasy +26 gradusa çenli gyzar. Penşenbede +21 gradus bolup, 2,3 mm ygal düşer. Anna güni +10 gradusa çenli sowap, az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri termometriň görkezijileri +7 gradusa çenli aşak düşer.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni +18 gradus bolar. Çarşenbä çenli howanyň temperaturasy +25 gradusa çenli gyzar. Penşenbe güni +21 gradus bolar. Anna güni ýagşyň ýagmagyna we howanyň +9 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar. Anna hem şenbe günleri 7 mm-e ýetýän ygalyň düşmegine garaşylýar. Dynç günleri termometriň görkezijileri +3 gradusa çenli aşaklar. Ýekşenbe güni çygly ýagyş ýagmagy ahmal.

 


düýn 09:43
7.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....